Книга «Durmuş sahypalary»

1.Tanyşlyk ilki (Глава 1)


  Авантюрная
24
14 минут на чтение
0

Возрастные ограничения 18+



1.Tanyşlyk ilki
Özümi tanyşdyraýyn. Milletim türkmen. Rossiýada okuwda we işde boldum. Çaga wagtymdan okamany we ýazmany gowy görýärin. Men örän köp okadym we ýazdym. Emma ýazanlarymy ýazanymdan soň ýoklamany gowy görýärin. Bu endigimiň näme üçindigini bilmeýärin. Häzir hem şeýle edýärin. Saýtlara girýärin. Ýazyp başlaýaryn we ýazanlarymy iki günden artykmaç saklaman öçürýärin.
Meniň göwnüme meniň ýazanlarym menden öýkeleýän ýaly. Eger men olary saýtlarda ýalňyz galdyrsam. Meniň belli bir saýlan ugrym ýok. Men gezekleşdirip anekdot, absurd, taryh, moral, söýgi, fantastika, memuar, syýasat, erteki ugyrlardan köp ýazýaryn. Goşgy, gazal hem ýazýaryn. Entek mekdepde okaýan wagtymda Amerikan tragediýa kitabyny okapdym. Iň gowy halan kitaplarymyň biri bu Master we Margarita hasaplaryn. Kto na Rusi jiwet horosho eseri hem gowy täsir galdyrypdy.
Puşkin hem gowy ýazýar. Tolstoý, Gorkiý, Maýakowkiý örän gowy ýazyjylar.
Dünýä dinleri baradkay kitaplaryň hemmesini okadym. Dünýä medeniýeti we arhitekura bilen gyzykdym. Hatda arheologiýany hem ýatdan çykarmadym. Umuman aýdanymda men hemme ugyrdan okaýaryn we hemme ugyrdan ýazmana çytalaşýaryn. Öz dilim bolan türkmen dilinde ýazmany gowy görýärin. Sebäbi dilimiz ýeňil, tiz okalýar we ýazylaýar. Dilimiz örän şireli hem gyzyly edip ýazyp bolýar.
Rus dili hem bolýar. Binäçe ýyl rus dilinde ýazdym emma bu wagt ýazmak ýokmaýar rus dilinde. Sebäbi rus dili tiz ýatdan çykýar. Rus dilini hemişe gaýtalap durmaly ýogsa ýatdan çykýar.
Indi bolsa nämeleri ýazandygymy aýdyp bereýin. Ýedinji klasda okan wagtymda goşgy ýazdym. Onunjy klasada okan wagtymda 200 list goşgylar golýazmasyny ýazdym. Soňra internete girip başlanymdan soň has köp ýazdym. Emma bu ýazanlarymyň hemmesini diýen ýaly öçürdim internet sahypalryndan.
Indi bolsa ýazmakdan pul işlemek isleýärin. Tapan pullarymy haýyr-sahawat etjek. Inwalidlere kömek bermek isleýärin.
Edil şu wagt haýsy ugyrdan ýazjagymy bilemek. Nikim masterdollar diýip duranynyň hem öz sebäbi bar. Blogger komda blog açdym. Bu blogyma at bermeli bolanymda generator maňa maslahat etdi şu ady. Men bolsa başga näme at goýjagymy bilmän bu ýerde hem öz nikime masterdollar diýip goýdym. Nikimi öýkeletmezlik üçin pul gazanmak bilen baglanyşykly temalary ýazmagym mümkin.
Öňünde siz habar edeýin. Türkmen edebiýat saýtlarynyň hemmesi diýen ýaly bankrot boldy. Şol sebäpli Roossiýa saýtlaryna girmäne mejbur boldum.
Onsoňam rus saýtlarynyň mümkinçiligi ýokary. Şu mümkinçilikden peýdalanmaly boldum.
Häzir rus dilinde arassa edip ýazyp bilmeýänligim üçin ilki öz dilim bolan türkmen dilinde ýazaryn. Onsoň bu ýazanymy rus diline terjime ederin AI ulanmak arkaly.
Elbetde, AI terjimesi käbir ýalňyşlygy göýberýär. Özüme gezek gelse örän owadan we manyly ýazýan. Belki käbir ýazgylarymy özüm ýazaryn. Häzir oňuşyň. Haýyş edýärin sizden!

2.Biz we ata-ene.
Ine, indi biz tanyşdyk. Özüm barada şu aýydanlarym ýeterlik däl ýaly size. Onda ýene özüm barada ýazaýyn. Men dört-baş ýaşymda wagtym enem aradan çykdy. Biz alty perzent bolup ýetim galdyk. Häzirki döwürde bu perzentleriň hemmesi diri. Biz indi hemmämiz ullakan adamlar. Baý hem däl. Garyp hem däl. Alty doganyň içinde ylym-bilim bilen gyzykýany men. Galan doganlarym özlerini dogabitdi okuwly hasaplaýan ýaly özlerini alyp barýarlar ýagny hiç zat okamasalarda ýada gyzyklanmasalarda özlerini akylly we medeniýetli saýyp maňa akyl öwredýärler. Ýöne bu doganlarymyň biride bir kitabyň başyny hem okamadylar. Men bolsa tükeniksiz köp okasamda özümi köp ugyrdan bilmeýän diýip özüme gaharym gelýär.
Mysal üçin programmirleme bilmeýän diýsemde boljak, iňlis dilini bilmeýärin. Ýogsa bu ugyrdan öwrenjek bolup çytalaşyp gelýän.
Indi ençeme wagtdan bäri özüm özüme saýt açmakçy bolýan. Emma bu ugyrdan az bilýärin. Üstesine ýatkeşligim peselip galdy. Saýt açmak üçin, iňlis dilini bilmek üçin ýatkeşlik hem uly ähmiýete eýe eken.
Onsoň açan saýtymda söwdany bilmeli ekenim, bank ulgamyndan baş çykarmaly ekenim. Hatda nädip kriptowaluta gazanmalydygyny hem açan saýtymda ýazmaly boldum. Ýogsa dollar gazanyp biljek däl ekenim. Dollar bolsa maňa adamlara inwalidlere kömek etmek üçin gerek.
Ýöne men tama edýän. Bir gudrat bilen mende köp pul bolar. Men bolsa bu pullary adamlara paýlap berip olary begendirmeli bolaryn.
Meniň doganlarym bolsa bu hili işleri etmek üçin umuman gyzykmaýarlar. Mende ýenede bir topar ideýa bar. Olar barada soň ýazryn.
Häzir bolsa adamlaryň okamany halaýan temasy barada ýazaýyn. Hawa, pul işlemek. Dollar tapmak. Ondada köp tapmak barada aýytsam bu blogy okanlar özlerini millioner hasaplar.
Ruslarda şu hili nakyl bar!.. Kto işet tot naýdet!.. Puly gözlemek gerek. Edil alabahar döwründe meýdandan kömelek gözlän ýaly edip pul gözlemek gerek. Munyň üçin pulyň nirede durýandygyny bilmek gerek. Pul bolsa banklarda durýar. Diýmek köp puly bar adam bolmak üçin bankir bolmaly.
Ilki bilen bank ugyryndan bilim almaly. Ýagny institut gutarmaly. Onsoň banka işe girmeli. Bankda işleýän döwrüňde öz hususy bankyňy açmak üçin işleýän bankyňdan arzan kredit alyp özüňe hususy bank açmaly.
Ikinji bir pulyň köp bolýan ýeri bu söwda. Ýagny söwdäger bolmaly. Söwda etseň hem pulyň köp bolýar. Soňky döwür kriptowaluta diýen bir zat çykdy. Bitkowin diýen söz hem bar. Men özüm bu ugyrdan köp zat bilmeýän. Emma bilmek isleýän. Kriptowaluta barada birnäçe blog we temalary okadym. Ýöne mende kriptowaluta öndermek üçin ýada onuň söwdasyny etmek üçin mümkinçilik ýok.
Iň esasy zat mende şu wagta çenli baý bolmak islegi bolmady. Indi baý bolmagymy isleýän. Munyň sebäbi men oglan wagtymda kommunistik idealda terbiýe aldym. Men baý bolmaly däl, adam bolmaly diýen sözi has gowy bilýärin. Baýlyk adamy azdyrýar diýen ganatly sözi hem okadym. Puldan wajyp zatlar hem bar diýen sözler meniň kellämde dur. Bu sözlere şu wagt hem ynanýan.
Ýöne indi bu sözleri öňe tutyp, bu sözleri ýatdan çykarman baý bolmak isleýärin. Tapan pullarymy bolsa inwalidleri bejermek üçin sarp edesim gelýär.
Inwalideler, öýsüzler barada men öňden oýlanyp gelýärin. Olary men köp görýärin. Ýöne olara pul bilen kömek edip bilmeýärin. Elimden gelýän zat diňe olaryň halyna gynanmakdy. Ýakyndan bäri men olary ýagny inwalidleri internetde söz sözlemek arkaly goldap başladym.
Bu edenim käbir netijeleri berer diýip tama edýärin. Mysal üçin, meniň inwalidlerie kömek bermek blogymy adamlar okasa olaryň içinden saýlanyp çykan adamlar inwalidlere mähribanlyk ederler diýip tama edýärin. Ýöne bu ýeterlik däl. Inwalidlere düýpli kömek beremk gerek.
Bu sözlere ýene gaýdyp geleris diýen tama bilen biz öňe tarap hereket edeli.
Sebäbi şol bir zat barada köp gepläp otyrmak bolanok. Bu barada bizden öň ýaşap giden ata-babalarymyz aýdyp gidipdir. Şu ýerde men size soraga meňzeş söz açmakçy!..
Siz özüňizi köne döwüriň adamlaryndan azat, erkin, medeniýetli we ylymly we bilimli saýýan bolmaly? Diýmek onda siz özüňizi ösdüren we terbiýeläp adam eden ata-eneňizden ýokary goýýaňyz. Şeýle dälmi? Diýmek kommunistik ideal boýunça siz ata-eneňizi ekspluatasiýa edýäňiz? Ýada ýokmy? Bu soraga näme jogaplary berip bilersiňiz. Bu sözi açanymyň bir sebäbi bar.
Men nakyllara gaty haýran galýan we öz döwrümizde näme üçin täze nakyllar döremeýär diýen soragy özüme berýärin. Yzyndan bolsa şu hili jogap öz-özünden kelläme gelýär. Eger biz köne döwüriň adamlaryndan akylly we bilimli bolýan bolsak näme üçin biz nakyllary döredip bilmeýäris!
Kim döretdi nakyllary?
Meniň göwnüme geçmişiň jümmüşinde adamzadyň bize ýene bir görnüşi ýaşap geçen bolmaly. Olar Ýer planetasynda ýaşap maýmyndan adamy döredip soňra kosmos giňişligine uçyp giden bolmaly. Biz bolsa olara meňzäp şu ýerde ýagyny Ýer planetasynda galan bolmaly.
Bir nakyly okanyňda bir kitap okan ýaly bolýaň. Bir nakyl bütün bir ömrüňi ýagtyldyp seni adam şekiline salyp bilýär. Bir nakyl saňa ummasyz köp terbiýe berip bilýär. Nakyllary bolsa biziň ata-babalarymyz döredip gitdi. Eger olar bize garanda yza galak bolanda nakyllary döredip bilmezdi.
Köplenç men şeýle oýlanýaryn. Biz adam. Emma biz häli kämil bolup bilmedik. Geljekde kämil bolmak mümkinçiligi ýok däl. Kämil bolmak üçin köp zat gerek däl. Birje adam bolsa ýeterlik. Şu birje adam bütün adamzady kämil edip biler eger ol biziň bu dünýämize gelse.
Ýöne bu adam biziň bu dünýämize gelmese biziň üçin katastrofa bolar. Ýöne men ynanýan. Tizara ol Adam geler. Hatda ol meniň ýaşaýan döwrümde gelmegi hem mümkin.
Şu adamyň gelmegi bilen bütün adamzat gowy tarap özgerer. Adamzat galagoply döwürden çykyp asuda, garny we göwüni dok halda ýaşar. Birnäçe wagt geçenden soň bu adamzat Ýer şarynda bolup geçen ähli betbagtlyk döwrüni ýatdan çykaryp, ylym taýdan ösüp gidip kosmosa uçyp giderler. Ýer planetasynda hem adamlar bolar. Uçyp giden adamlar bolsa özge planetalary özleşdirip şol ýerlerde ýaşarlar. Bu ýere bolsa myhmançylyga gelerler.

Свидетельство о публикации (PSBN) 90462

Все права на произведение принадлежат автору. Опубликовано 11 Мая 2026 года
Ç
Автор
Автор не рассказал о себе
0






Рецензии и комментарии 0



    Войдите или зарегистрируйтесь, чтобы оставлять комментарии.

    Войти Зарегистрироваться
    Tanyşaly ilki 0 0




    Добавить прозу
    Добавить стихи
    Запись в блог
    Добавить конкурс
    Добавить встречу
    Добавить курсы